Biz barada

Biz barada

 

2020-nji ýylyň dowamynda esaslandyrylmaga başlanan, Türkmenistanyň  hususy kärhanasynyň mineral ýag önümçilik zawodynyň 2023 - nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap doly işe giriziljekdigi sebäpli şatlyk we buýsanç duýýarys. Täze döredilen kompaniýa bolandygymyza garamazdan, halkara hil ülňülerindäki barlaghana gurallarymyz we enjamlarymyz we ökde hünärmen işgärlerimiz bilen bilelikdäki AR-GE (gözleg we barlag) işleriniň tamamlanan, her pudaga gabat gelýän, birinji tapgyrda 6 önüm topary, jemi 25 önüm görnüşi bilen hasaba alnan ŞIR ÝAG atly markamyz bilen müşderilerimize hyzmat bermäge başlarys.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäginde, ilkinji tapgyrda 2700m2 ýapyk meýdança,  jemi 30000m2 meýdança gurnalan günde 80 tonna we ýylda 20000 tonna önümçilik ukyby bolan zawodymyz, jemi 1000 m3-dan gowrak çig mal we önüm ätiýaçlygyny, 300 tonna gutarnykly önüm öndürmek kuwwatyna  eýe bolar. Gurluşymyzda awtomatlaşdyrma, önümçilik we doldurmak, şeýle-hem 1lt, 5lt we 20 lt öz plastikalarymyzy ýokary hilde öndürmäge mümkinçiligimiz bar.

Esasy maksatlarymyz; Ata watanymyz Türkmenistanyň mineral ýag önümlerinde daşardan almagy, ýerli halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmek arkaly azaltmak, Türkmen halkara mineral ýag markasynyň emele gelmegi üçin göreşmekdir.

Önümçiligi amala aşyrylýan ähli önümler barlaghanamyzda düýpli seljerilýär, ilkinji nobatda “Türkmen Döwlet  standartlarynyň (TDS) we ASTM we DIN ýaly halkara ülňülerine laýyklyk derňewleri amala aşyrylyp, soňra önümleri doldurmak işine geçilýär.

Bu ugurda ilki bilen maksadymyz, Müşderini kanagatlandyrmak, tamalaryny ödemek we bazaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, bu işler amala aşyrylýan wagty iň ýokary hilli we arzan önümleri hödürlemekdir. Çig malyň hil gözegçiliginden başlap, öndürilýän önümleriň müşderä tabşyrylmagyna, iň soňky ulanyja çenli, önümçiligiň ähli döwründe ýokary hilde hyzmaty üpjün etmek, dogry enjamlar bilen dogry önümleriň ulanylmagyny üpjün etmek üçin, müşderilerimiziň hem tehniki nukdaýnazaryndan hem-de hyzmatdaşlar ýaly ýanlarynda durandygymyzy görkezmek biziň üçin möhüm bir borç bolup durýar.

Her bir önümimiz üçin amala aşyran AR-GE (gözleg we barlag) işlerimiziň saýasynda, hem degişli halkara ülňülerine doly laýyk gelýän hem-de ýerleşýän geografiki sebitimiziň iň kyn şertlerinde önümleriň iň ýokary derejede hyzmat bermegi üçin önümlerimizi kämilleşdirdik. Şeýle hem kämilleşdirmäge dowam edýäris.